Hal ky my zyň me de ni gym mat lyk la ry dün ýä de re je sin
Transcription
Hal ky my zyň me de ni gym mat lyk la ry dün ýä de re je sin
Täze Galkynyşyň batly gadamlary 10 BIZNES REKLAMA Maýa KULYÝ EWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkme nistanyň halk artisti: – Biziň ýaşlarymyz örän bagtly döwürde ýa şaýar. Tüweleme, ýurdu myz parahat, asmanymyz arassa, arkamyzda dag ýaly bolup duran hak ho wandarymyz – hormatly Prezidentimiz bar. Halkymyzyň medeni gymmatlyklar y dünýä derejesine galdyr ylýar Sungatyň we medeniýetiň serhe di bolmaýar. Sungata we medeni ýete ynsanyň kämilligi, durmuşyň päkligi we tebigatyň ajaýyp gözel ligi siňdirilýär. Çünki bu dünýädä ki ähli barlyklar beýik sungat eser leridir. Türkmen milleti gadymdan bäri medeniýete we sungata belent sarpa goýýan halkdyr. Bu aýdyň ha kykat milli Liderimiziň baştutanly gynda täze Galkynyş zamanasynda has hem dabaralandy. Bu günki gün dünýä halklarynyň medeniýeti we sungaty Türkmenistanda duşuşýar. Ähli ugry öz ünsünden salmaýan hormatly Prezidentimiziň Kara ry esasynda her ýylyň 27-nji iýuny Medeniýet we sungat işgärleriniň güni diýlip yglan edilmegi hem mu ňa doly derejede güwä geçýär. Täze Galkynyş we beýik öz gertmeler zamanasynda ýurdu myzyň ykdysadyýetini, aňyýetini, medeniýetini deň derejede ös dürmegi döwlet syýasatynyň ile ri tutulýan ugurlaryna öwren hor matly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň we killeri bilen geçiren ilkinji duşuşy gynda halkymyzyň medeni gymmat lyklaryny gorap saklamak, sungaty, medeniýeti dünýä derejesine laýyk ösdürmek, sözi, sazy öz aýratyn lygy bilen dünýä ýaýmak mesele lerini orta atypdy. Şol duşuşykda milli Liderimiziň dünýäniň ähli ýurtlarynda uly meş hurlyga eýe bolan sirk sungatynyň ýaşlary estetik hem mertlik ruhunda terbiýele mekdäki ähmiýetine ünsi çekmegi hemde Türkmenistanyň döwlet sirkiniň türkmen ji gitleriniň at ü s t ü n d ä k i oýunl ar yn y h a l k y m y za we dün ýä ýaýmaga wagtyň ýe tendigi, biziň gülläp ösen döwletimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşinden hiç haçan yza galmaly däldigi, ýurdumyzda mynasyp opera teatrynyň hem, my nasyp döwlet sirkiniň hem hökmany suratda bolmalydygy barada aýtma gy hakyky çözgüt boldy. Türkme niň milli operasy döredildi, döwlet simfoniki orkestri işläp başlady. Ine, indem täzeden galkynan döwlet sir kimiziň döwrebap keşbe giren ka şaň binasy biziň şatlygymyza şärik bolmaga gelen myhmanlaryň hemde köpsanly tomaşaçylaryň öňünde gapylaryny giňden açdy. Türkme nistanyň döwlet sirkiniň durky täze lenen ajaýyp binasy binagärlik taý dan sirk sungatynyň ähli talaplaryny doly ödeýär. Giň tomaşa zaly, dürli reňkdäki yşyklar, gözüň kaklyşanda, biygtyýar nazaryňy egleýän arkasy giň monitorly orkestr münberi, ar tistleriň, akrobatlaryň, masgarabaz laryň, žonglýorlaryň, gözbagçyla ryň... grim, egin-eşik otaglary, çaý, kofe içmek üçin niýetlenilen kafe, baş öwredilip, çykyş etdirilýän haý wanlaryň ýatagy we beýleki ähli mümkinçilikler bu sirk sungaty mer kezinde doly üpjün edilendir. Türkmenistanyň Döwlet sirki niň manežinde hormatly Preziden timiziň egindeşleriniň özüne sow gat eden, gözellikde deňsiz-taýsyz ajaýyp ahalteke bedewine atlanyp aýlanmagy hemmeleriň göwünle rini galkyndyrdy. Ençeme ýyldan soň, milli Liderimiziň başlangy jy bilen täzeden dikeldilen sirkiň arenasynda türkmen Arkadagynyň bedew atyny säpjedip, ýüzlerçe to maşaçynyň öňünden geçmegi – ine, il-ulusymyza ganat bagyşlan, haky dalara hemişelik ornan iň bagtyýar pursatlar. Täze Galkynyş zamana synda Türkmenistanyň döwlet sir kiniň döredilmegi atly jigitlerimiziň gazanan şöhratyny olaryň şägirt leriniň has belende göterjekdigini aňladýar. Şeýle-de, paýtagtymyzda durky täzelenen “Watan” hem-de “Türkmenistan” kinokonsert mer kezleriniň peýda bolmagy Türk menistanda milli medeniýetiň we sungatyň hemmetaraplaýyn ösdüril ýändiginiň güwänamasydyr.